Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir.
«Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.
Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.