Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 31:28 - Mukaddes Kitap

28 Urşa gatnaşan esgerleriň paýyndan – ynsan, sygyr, eşek, goýun-geçiden Rebbe paç hökmünde bäş ýüzden birini aýry goýuň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Урша гатнашан эсгерлериң пайындан – ынсан, сыгыр, эшек, гоюн-гечиден Реббе пач хөкмүнде бәш йүзден бирини айры гоюң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 31:28
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi.


Dawut bu sowgatlary-da ähli milletlerden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.


Şol gün olar getiren oljalaryndan ýedi ýüz öküzi we ýedi müň goýny Rebbe gurbanlyk hökmünde berdiler.


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşyş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy.


Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.


«Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.


Esgerleriň paýyndan alyp, ony Rebbe sadaka hökmünde ruhany Elgazara beriň.


Ysraýyllaryň paýyndan: ynsan, sygyr, goýun, geçi, ähli mal-garalaryň elliden birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere beriň».


Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa ysraýyllaryň paýyndan her elli adamdan we mal-garalardan birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere berdi.


Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy.


Ýeriho galasyna içaly bolup baranlary gizläp saklandygy üçin, Rahaby we onuň dogan-garyndaşlaryny Ýeşuwa diri galdyrdy. (Onuň nesilleri şu günki gün hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.)


Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ