Onsoň olar ýesirleri, oljalaryny we talanyp alnan zatlary Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlügindäki düşelgede bolan Musa bilen ruhany Elgazara we ysraýyl halkyna getirdiler.
Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň.
Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.
Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy.
Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».