Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 30:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma äri bulary eşidip, öz närazylygyny bildiren bolsa, onda ol aýalynyň beren ähli wadalaryny, içen kasamyny ret edýär. Äriniň oňlamandygy sebäpli, wadasyny berjaý edip bilmedik bu aýaly Reb bagyşlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма әри булары эшидип, өз нәразылыгыны билдирен болса, онда ол аялының берен әхли вадаларыны, ичен касамыны рет эдйәр. Әриниң оңламандыгы себәпли, вадасыны берҗай эдип билмедик бу аялы Реб багышлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 30:13
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim.


Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.


Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň.


Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň».


Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň.


äri-de muny eşidip, hiç zat diýmän, garşy bolmadyk bolsa, onda aýalyň eden wadasy ýa kasamy öz güýjünde galar.


Aýalynyň eden islendik wadasyny ýa-da içen kasamyny äri tassyklap ýa-da ret edip biler.


Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr.


erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradylandyr.


Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ