Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 29:39 - Mukaddes Kitap

39 Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Булары сиз айдылан садакаңызың, мейлетин садакаңызың, якма гурбанлыгыңызың, галла ве ичги садакаларыңызың, саламатлык гурбанлыгыңызың дашындан беллемели байрамларыңызда Реббе хөдүр эдиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 29:39
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.


Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi.


Rebbiň kanunynda ýazylyşy ýaly, Hizkiýa ýakma gurbanlyklar üçin ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklaryny, Sabat güni üçin, Täze Aý we beýleki baýramlar üçin ýakma gurbanlyklary öz malyndan berdi.


Olar Töwratda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny bellediler. Düzgüne laýyklykda, her gün üçin berilmeli gündelik ýakma gurbanlyklaryny sanyna görä berdiler.


Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler.


Ýürekden ýigrenýärin Täze Aý we beýleki baýramlaryňyzy. Bular Maňa ýük boldular, ýadadym Men olary götermekden.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym, ine, şulardyr.


Şol gün siz hiç işlemäň, çünki bu siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda günäleriňizden saplanmagyňyz üçin, günäden saplanma günüdir.


Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr.


Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir:


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.


Ine, kasam içip, nazyr bolandygy we onuň Rebbe bagyş edilendigi üçin berilýän nazyrlyk gurbanlyklary hakyndaky düzgün şulardan ybaratdyr. Eger ol nazyrlyk kasamynyň talap edýän zatlaryndan başga-da sadaka bermegi wada beren bolsa, onda beren wadasyny doly berjaý etsin».


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ