Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwradyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi.
Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň.