Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 25:6 - Mukaddes Kitap

6 Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Муса ве бүтин ысрайыл халкы Реббе йүз тутулян чадырың ишигинде аглашып дуркалар, бир ысрайыллы эркек киши оларың гөзүниң алнында бир мидянлы аялы өз машгаласына гетирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 25:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.


Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy faraonyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Ýegudy her parçany okanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen düýrlenen golýazmanyň şol bölegini kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy, ol golýazmanyň hemmesini otda ýakyp bolýança, şeýle etdi.


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»


Harun Musanyň buýruşy ýaly, tütetgi gabyny alyp, jemagatyň arasyna ylgap bardy. Ol gyrgynçylygyň başlanyny görende, közleriň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günäsinden saplady.


Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwudyşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwudar». Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy.


«Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ