Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 20:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма Реб Муса билен Харуна: «Маңа долы ынанман, ысрайылларың гөзүниң алнында Мениң мукаддеслигими ыкрар этмәндигиңиз үчин, сиз бу җемагаты олара берен юрдума гетирип билмерсиңиз» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 20:12
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».


Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň!


Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.


Milletleriň arasynda ysnat getirilen, olaryň arasynda siziň ysnat getiren beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin. Men olara siziň üstüňiz bilen mukaddesligimi görkezenimde, milletler Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».


«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.


Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.)


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.


Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.


Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


Hudaýyň beren wadasyna şübhelenip, imansyzlyk etmedi. Tersine, imanda berkäp, Hudaýy şöhratlandyrdy.


Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň».


Rebbiň siz sebäpli maňa gahary geldi. Ol meniň Iordandan geçmejekdigime ant içdi. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berýän gowy ýurduna men girmeli däl.


«Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.


Emma Mesihe Reb hökmünde ýürekden hormat goýuň. Kalbyňyzdaky umyt hakynda özüňizden hasabat soran her bir adama hemişe jogap bermäge taýýar boluň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ