Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.
Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.
Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!
Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“ diýen habary getirdiler.
Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.
Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»
Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.
Şonda Ýeriho hany Rahaba şeýle buýruk iberdi: «Öýüňe gelen adamlary biziň elimize ber! Sebäbi olar biziň tutuş ýurdumyzy gözden geçirmek üçin gelipdirler».