Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Яныңызда хер тиреден бир адам, ягны өз уругының баштутаны болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 1:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady.


Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.


Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi.


Bular öz kowumlary we tireleri üçin ysraýyl halkynyň içinden bellenen baştutanlardy.


Her biri öz tiresine wekilçilik edýän Ysraýylyň on iki baştutanynyň kömegi bilen Musanyň we Harunyň tarapyndan hasaba alnanlar şulardy.


Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr.


Midýan aýaly bilen birlikde öldürilen ysraýyllynyň ady Saluwyň ogly Zimridi. Ol şimgon tire baştutanlarynyň biridi.


Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi.


Şeýlelikde, Musa Rebbiň buýran zatlarynyň baryny ysraýyl halkynyň dykgatyna ýetirdi.


Onsoň Musa bilen Harun we halkyň ýolbaşçylary uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlary ýazga geçirdiler.


Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler.


Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.


Onuň bilen bile on sany ýolbaşçy hem gitdi. Olar ysraýylyň her tiresinden saýlanyp, hersi ysraýyl uruglarynyň baştutanydylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ