Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 9:20 - Mukaddes Kitap

20 Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Бу белалардан аман галан адамлар шонда-да эллериниң пис ишлеринден дәнип, тоба гелмедилер. Олар җынлара, алтындан, күмүшден, бүрүнчден, дашдан ве агачдан ясалып, эшитмейән, гөрмейән, йөремейән бутлара сежде этмеклерини бес этмедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 9:20
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“.


Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy.


Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“.


Olar meýdanlara ekin ekýär, üzüm baglaryny oturdýar hem-de boldan – bol hasyly alýar.


Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.


Hünärment zergäri, çekiç bilen tekizleýän sandala urýany ruhlandyrýar. Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy“ diýýär; gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.


Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


Başga hudaýlara gulluk we sežde etjek bolup, olaryň yzyna düşmäň. Elleriňiziň işi bilen Meniň gaharymy getirmäň, Men-de size zyýan ýetirmäýin“.


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Her bir adam akmak hem akylsyzdyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.


Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik düzgün bolsun“.


Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin, indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.


Ýahýa size dogry ýol görkezmäge geldi, siz oňa ynanmadyňyz, emma salgytçylar we lolular oňa ynandylar. Siz muny göreniňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz» diýdi.


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Şol wagt olar göläniň şekilinde but ýasap, oňa gurbanlyk berdiler. Olar öz elleriniň işlerine guwanyp, şadyhorram boldular.


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


Olar Hudaýa däl-de, jynlara, tanamaýan hudaýlaryna, ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, ýaňy peýda bolan hudaýlara gurban kesdiler.


Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Dördünji perişde käsesini Güne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-köýdürmeklik güýji berildi.


Atlaryň güýji hem agyzlarynda, hem guýruklaryndady. Olaryň guýruklary ýylana meňzeýärdi, sebäbi olaryň ujy ýylanyň kellesi ýalydy. Olar şonuň bilen adamlary heläkleýärdiler.


Olar ganhorlyklaryndan, jadygöýliklerinden, azgynlyklaryndan we ogurlyklaryndan dänmediler, toba gelmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ