Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Görnüşimde gören atlarymyň we olaryň üstündäkileriň görnüşi şeýledi: atlylaryň sowutlary ot ýaly gyzyl, goýy gök we kükürt ýaly sarydy; atlaryň kellesi arslanyňka meňzeýärdi, agyzlaryndan ot, tüsse we kükürt çykýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Гөрнүшимде гөрен атларымың ве оларың үстүндәкилериң гөрнүши шейледи: атлыларың совутлары от ялы гызыл, гойы гөк ве күкүрт ялы сарыды; атларың келлеси арсланыңка меңзейәрди, агызларындан от, түссе ве күкүрт чыкярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 9:17
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.


Gatlardan galkana hem naýza türgen bolan batyr ýigitler çöldäki galada bolan Dawudyň tarapyna geçdiler. Olar arslan sypatdadylar, dag jereni kimin ýyldamdylar. Ine, olar:


Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.


Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.


Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.


Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


bäşinjisi sardoniks, altynjysy gyrmyzy sardoniks, ýedinjisi altyn-sary daş, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy goýy sary daş, onunjysy pöwrize, on birinjisi mämişi reňkli daş, on ikinjisi benewşe reňkli gymmatbaha daşlary bilen bezelendi.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Adamlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden – şu üç beladan öldi.


Olaryň döşi demir sowut ýalydy. Ganatlarynyň sesi köpsanly söweş arabalarynyň şakyrdysyna meňzeýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ