Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.
Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.
Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.
Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.