Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 20:14 - Mukaddes Kitap

14 Onsoň ölüm we ölüler dünýäsi ýanyp duran köle zyňyldy. Ine, bu otly köl ikinji ölümdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Онсоң өлүм ве өлүлер дүнйәси янып дуран көле зыңылды. Ине, бу отлы көл икинҗи өлүмдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 20:14
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir.


Çünki çüýreýän beden çüýremezlik donuna, ölýän ten ölmezlik donuna beslenmelidir.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Deňiz özündäki ölüleri berdi. Ölüm we ölüler dünýäsi-de özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine eden işlerine görä kazylyk edildi.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly we mukaddesdir! Ikinji ölüm olara öz hökümini ýöredip bilmez. Olar Hudaýyň we Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen müň ýyl şalyk sürerler.


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ