Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 2:2 - Mukaddes Kitap

2 „Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 „Мен сениң әхли эденлериңи, шол санда зәхмет чекендигиңи, гайратлыдыгыңы билйәрин. Сениң яман адамлары йигренйәндигиңи хем билйәрин. Сен өзлерини ресул сайянлары сынап, оларың ялан ресулдыкларыны әшгәр этдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 2:2
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige uçradýar.


Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn.


Ol muny Filipi synamak üçin sorapdy, aslynda welin Özüniň näme etjegini eýýäm bilýärdi.


Başga bir Hoş Habar ýokdur. Ýöne käbir adamlar sizi bulaşdyryp, Mesihiň Hoş Habaryny üýtgetjek bolýarlar.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


„Seniň ähli edenleriňi bilýärin, seniň ne sowuk, ne-de gyzgyndygyňy bilýärin. Wah, käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!


„Seniň ähli edenleriňi bilýärin. Ine, öňüňde bir gapyny açyp goýdum, ony hiç kim ýapyp bilmez. Güýjüňiň azdygyny hem bilýärin. Ýöne muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymdan dänmediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ