Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Гулагы бар адам Мукаддес Рухуң йыгнаклара нәме диййәнини эшитсин! Яманлыкдан үстүн чыкана яшырын сакланан маннадан берерин. Мундан башга-да, оңа йүзүне тәзе ат язылгы бир ак даш берерин. Бу ады дашы алҗак адамдан башга хич ким билмез“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 2:17
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.


Musa Haruna: «Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý» diýdi.


Ýürek öz derdini özi bilýändir, şatlansa-da keseki goşulýan däldir.


Reb azgyn adamlary ýigrenýär, Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.


Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi amal edýän, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara


öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Isa bolsa olara: «Meniň iýmäge zadym bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi.


Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.


Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ