Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 2:1 - Mukaddes Kitap

1 «Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Эфесдәки йыгнагың перишдесине шуны яз: Еди йылдызы саг элинде Саклаян, еди алтын чыраданың арасында Гезйән шейле диййәр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 2:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Girenlerinde, hökümdar olaryň ortasynda bolmalydyr we olar bilen bile girmelidir; çykanlarynda-da bile çykmalydyr.


Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy. Onuň ýüzi süýrgünortanyň Güni kimin parlaýardy.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Asmanda täsin bir alamat: Güne beslenen bir aýal peýda boldy. Onuň aýaklarynyň astynda ýaňy dogan Aý, başynda on iki ýyldyzly täji bardy.


«Pergamondaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyjy Bolan şeýle diýýär:


«Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:


«Izmirdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ölen we Direlen, Ilkinji we Ahyrky şeýle diýýär:


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


«Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Sadyk we dogruçyl Şaýat, Hudaýyň ýaradanlarynyň Başy, Omyn diýip Atlandyrylýan şeýle diýýär:


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ