Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 18:20 - Mukaddes Kitap

20 Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Эй, гөклер, шатланың! Эй, Худайың халкы, ресуллар ве пыгамберлер, шатланың! Бабылың сизе эденлери үчин Худай оны җезаландырды».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 18:20
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar.


Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.


Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.


Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär, erbetler ölende toý-dabara bolýar.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Ölenleriň hem ýesirleriň ganyndan, uzyn saçly duşmanlaryň ganyndan oklarymy serhoş ederin, gylyjymy etden doýraryn“.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň.


Şoňa görä, eý, gök we onda ýaşaýanlar, heşelle kakyň! Eý, ýer we deňiz, siziň bolsa halyňyza waý! Çünki iblis ýanyňyza indi, ol wagtynyň azalandygyny bilensoň, gazap atyna mündi».


Ol size näme eden bolsa, siz hem oňa şony ediň. Onuň edenlerini iki esse edip gaýtaryň! Oňa iki esse güýçli garylan şerapdan içiriň!


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ