Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Аянлык 13:13 - Mukaddes Kitap

13 Bu ikinji jandar uly alamatlary görkezýärdi, hatda ynsanlaryň gözleriniň alnynda gökden ýere ot hem ýagdyrýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Бу икинҗи җандар улы аламатлары гөркезйәрди, хатда ынсанларың гөзлериниң алнында гөкден ере от хем ягдырярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Аянлык 13:13
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrdy, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady.


Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi.


Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.


Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi.


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Fariseýler bilen saddukeýler Isanyň ýanyna geldiler. Olar Isany synamak üçin, Onuň özlerine gökden bir gudratly alamat görkezmegini islediler.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir.


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Olar ýer ýüzüni gurşap aldylar, Hudaýyň halkynyň düşelgesini, Onuň söýgüli şäherini gabadylar. Emma gökden inen ot olary ýakyp kül etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ