Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 9:7 - Mukaddes Kitap

7-8 Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl halky, sen Meniň üçin efiopiýa halky bilen deň dälmisiň? Ysraýyllary Müsürden, piliştleri Kaptordan, siriýalylary Kirden çykaran Men dälmi näme? Hökmürowan Rebbiň nazary siziň günäli şalygyňyzdadyr, Men-Reb ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn, emma Ýakubyň kowumyny bütinleý ýok etmerin». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7-8 Реб шейле диййәр: «Эй, ысрайыл халкы, сен Мениң үчин эфиопия халкы билен дең дәлмисиң? Ысрайыллары Мүсүрден, пилиштлери Каптордан, сириялылары Кирден чыкаран Мен дәлми нәме? Хөкмүрован Реббиң назары сизиң гүнәли шалыгыңыздадыр, Мен-Реб оны ер йүзүнден сүпүрип ташларын, эмма Якубың ковумыны бүтинлей ёк этмерин». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 9:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi.


Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar.


Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi.


Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.


Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.


Eýlam söweş arabalary, atlylary bilen sagdagyny galgadýar, Kir goşuny galkanlaryny somlaýar.


Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.


Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz.


Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.


Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.


Damaskyň derwezesiniň kiltlerini döwerin, Awen jülgesiniň hökümdaryny, Beýtedende eli şa hasaly hökümdary ýok ederin. Siriýa halky Kir ýurduna ýesir edip äkidiler». Muny Reb aýdýandyr.


Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin, Men sizi Müsürden çykardym, çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.


Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awalary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.)


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ