Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шол гүн Мен Давудың йыкылан чадырыны дикелдерин, бөвсүлен бөвүрлерини беҗерерин, вейран болан ерлерини оңарып, гадым дөвүрдәки ялы эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 9:11
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.


Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in, daglara el degir, goý, tütesinler!


Emma halkym sesime gulak asmady, Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.


Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.


Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?


Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar.


Aýdaly, Men bir milleti ýa-da patyşalygy berkarar edip, bina etmek hakynda jar eden bolsam,


olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“.


Bize çäksiz gaharlanyp, bütinleý ret etmedik bolsaň, bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris, bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!


Ýurduň ähli agaçlary belent agajy peseldýäniň, pes agajy beýgeldýäniň, ýaşyl agajy guradýanyň, guran agajy gögerdýäniň Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýdýandyryn, amala-da aşyraryn».


Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Eý, Iýerusalim, diwarlaryň guruljak güni geler! Şol gün uzaklara gider serhet.


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar.


Dawudyň nesilleriniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň şöhraty Ýahudadan öňe geçmez ýaly, Reb ilki ýahuda halkyna ýeňiş berer.


Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.


Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.


Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ