Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi: «Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Якуп халкының гуванҗы болан Реб шейле ант ичди: «Мен оларың эден ишлериниң хич бирини асла унутмарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 8:7
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar, Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.


Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.


Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.


Çünki Reb mätäçleri eşidýär, Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.


Ol: «Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer» diýdi.


Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb diýýär.


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


«Ýahudanyň günäsi demir galam bilen ýazyldy. Bu olaryň ýürekleriniň gatyna, gurbanlyk sypalarynyň şahlaryna çakmak daşy bilen oýulyp ýazyldy.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


«Siziň özüňiziň, ata-babalaryňyzyň, patyşalaryňyzyň, ýolbaşçylaryňyzyň, ýurduň halkynyň Ýahuda şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde tütetgi ýakanyňyzy Reb ýadyndan çykardymy? Mundan Onuň habary ýokmudyr?


Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.


Hökmürowan Reb Öz mukaddesliginden ant içdi: «Siziň çeňňekler bilen, iň soňkyňyzyň hem balyk garbaklary bilen tutuljak günüňiz hökman ýetip geler.


Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.


Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ