Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 8:5 - Mukaddes Kitap

5 Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Сиз диерсиңиз: «Тәзе Ай байрамы гечседи, галламызы сатарыс; Сабат гүни басым өтседи, бугдаймызы базара чыкарарыс. Өлчеги кичелдип, баханы улалдып, галп терези билен адамлары алдарыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 8:5
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.


«Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.


Dogry terezi we gapan Rebbiňkidir, torba içindäki ähli çekim daşlary Onuň işidir.


Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir, hileli terezi hem gowy däldir.


Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.


Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,


Efraýym täjirdir, elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.


«Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».


Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Men: «Ol näme?» diýip soradym. Ol maňa: «Ol gelýän küýzedir. Bu tutuş ýurduň etmişidir» diýdi.


Perişde: «Bu şerdir» diýdi. Aýaly küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy.


„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.


Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ