Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 8:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол менден: «Амос, сен нәме гөрйәрсиң?» дийип сорады. Мен: «Бир себет етишен мивәни гөрйәрин» дийип җогап бердим. Онсоң Реб маңа шейле дийди: «Мениң халкым Ысрайылың соңы етип гелди. Мундан бейләк олары багышламарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 8:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.


Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer.


Men bolsam bu ýere geljek babyllylaryň öňünde size wekilçilik eder ýaly, Mispada galjak. Emma siz miweler ýygyp, şerap, ýag ýygnaň. Olary ammaryňyzda goýuň-da, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň».


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi.


Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“ diý.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men seniň üstüňden gylyç inderip, ynsany-da, haýwany-da senden sogrup taşlaryn.


Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr.


Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir.


Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär!


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar.


Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi: «Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da, Men bir şugul guralyny goýýaryn. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.


Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy.


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Perişde maňa: «Näme görýäň?» diýdi. Men: «Bir kagyz-a uçup ýör; onuň boýy ýigrimi tirsek, ini on tirsek» diýip jogap berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ