Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.
Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.
Sion gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.
Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.