Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мен сизиң байрамыңызы яса, айдымларыңызы ахы-нала өврерин. Хер биле җул гушагыны гушадарын, хер башың сачыны сырдырарын. Шол гүни ялңыз оглуң яс гүни кимин эдерин, онуң соңуны аҗылык билен гутарарын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 8:10
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady.


Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.


Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn. Bulutlar örtsün ony, garaňkylyk ony gorka salsyn!


Liramyň owazy ýasa, tüýdügimiň owazy agy sesine dönýär».


Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar, edermen urşujylaryň söweşde ölerler.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan.


Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».


Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi, tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.


Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar.


«Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi!


Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.


Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr.


Söýgüli adaglysyny ýitirip, jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!


Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir.


Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin, mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.


Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň! Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin.


Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ