Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ысхагың бутлара сеждегәхлери вейран эдилер, Ысрайылың мукаддес өйлери хараба өврүлер, Яробгам ковумына гаршы гылычлы аяга галарын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 7:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl ähli zatlaryny alyp, ýola rowana boldy. Ol Beýerşeba gelip, kakasy Yshagyň Hudaýyna gurbanlyklar berdi.


Ýarobgam Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.


Biz käýinç eşidenimizde utandyk. Gelmişekler Rebbiň öýüniň mukaddes ýerlerine girdiler, şonda ýüzümizi ryswalyk örtdi».


Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, seždegähleriňizi ýok ederin.


Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.


«Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm, Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin. Gurbanlyk sypalaryň şahlary kesilip ýere gaçar.


Emma Meni Beýtelden agtarmaň, Gilgala girmäň, Beýerşeba geçmäň, çünki Gilgal hökman sürgün ediler, Beýtel hem hiç zat bolup galar».


Amos şeýle diýdi: „Ýarobgam gylyçdan öler, Ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edip äkidilip çykarylar“».


Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr».


Samariýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.


Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.


Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samariýa dälmi? Ýahudanyň butlara seždegähi nirede? Iýerusalimde dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ