Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 7:17 - Mukaddes Kitap

17 Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шонуң үчин Реб шейле диййәр: „Аялың шәхерде лолучылык эдер, огул-гызларың гылычдан гечирилер, өлчег йүпи билен ериң пайланылар, өзүңем харам юртда өлерсиң, ысрайыл халкы өз юрдундан есир эдилип әкидилер“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 7:17
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.


aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň.


Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.


Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».


Hananýa pygamber Ýermeýa pygamberiň boýnundaky boýuntyrygy döweninden soňra, Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy:


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Ine, Men seni ýer ýüzünden sogrup taşlaryn. Şu ýyl ölersiň, çünki sen Rebbiň garşysyna geplediň“».


Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer.


Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň, Sionda gelinleriň namysyna degildi.


Reb: «Meniň aralaryna kowjak milletlerimiň içinde ysraýyl halky çöreklerini şeýdip, haram edip iýerler» diýdi.


Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.


Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler, kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.


Amos şeýle diýdi: „Ýarobgam gylyçdan öler, Ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edip äkidilip çykarylar“».


Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy.


Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.


Söýgüli ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler.


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ