Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Indi bolsa Rebbiň sözüne gulak goý. Sen maňa: „Ysraýylyň garşysyna pygamberlik etme, Yshagyň kowumyna garşy wagyz etme“ diýýärsiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Инди болса Реббиң сөзүне гулак гой. Сен маңа: „Ысрайылың гаршысына пыгамберлик этме, Ысхагың ковумына гаршы вагыз этме“ диййәрсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 7:16
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Ýarobgam Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.


«Eý, ynsan ogly! Pygamberlik edýän Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et. Öz-özlerinden pygamberlik edýän ol pygamberlere Rebbiň sözüni diňlemegi tabşyr.


Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:


«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Teýmana öwür-de, Daroma wagyz et, Negep tokaýyna garşy pygamberlik et.


«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Iýerusalime tarap öwür-de, mukaddes ýerlere garşy wagyz et, Ysraýyl ýurdy barada pygamberlik edip,


«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.


Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr».


Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.


Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!


Soňra Şamuwel Şawula: «Besdir! Men saňa Rebbiň öten agşamky maňa diýen zadyny aýdyp berjek» diýdi. Şawul oňa: «Aýt» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ