Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 7:14 - Mukaddes Kitap

14 Onsoň Amos Amazýa şeýle jogap berdi: «Men pygamber hem däl, pygamberler toparyndan hem däl. Men ýöne bir çopan hem injir agaçlaryna gözegçilik edýän.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Онсоң Амос Амазя шейле җогап берди: «Мен пыгамбер хем дәл, пыгамберлер топарындан хем дәл. Мен йөне бир чопан хем инҗир агачларына гөзегчилик эдйән.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 7:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy.


Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Elli adama barabar bolan pygamberler topary-da bular bilen bile gidip, uzagrakda olaryň garşysynda durdular. Ylýas bilen Elýaşa hem Iordanyň kenar ýakasynda durdular.


Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.


Pygamberler topary Elýaşa şeýle diýdiler: «Görşüň ýaly seniň baştutanlygyňda ýaşaýan ýerimiz bize gaty darlyk edýär.


Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Siriýa patyşasyna bil baglanyň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy.


Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.


Ýehoşapadyň başdan-aýak eden ähli işleri barada Hananynyň ogly Ýehuwyň işlerinde – Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.


Çöldäki ajy otlary ýygýarlar, iýmitleri sübseligiň köküdir.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Ol: «Men pygamber däl, men – daýhan. Ýaş wagtym biri meni gul edip satyn alypdyr» diýer.


Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.


Ony öňden tanaýanlar bu ýagdaýy görüp: «Bu Kişiň ogluna näme bolup ýörkä? Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýişdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ