Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Хөкмүрован Реб Өзүнден ант ичип, шейле диййәр: «Якубың гедемлигини неҗис сайярын, онуң галаларыны йигренйәрин, ичиндәки әхли зады билен биле шәхери душман элине берерин». Муны Хөкмүрован Бейик Худай айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 6:8
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin,


Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.


Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.


Eý, Hudaý, mende päk ýürek ýarat we içimdäki hakykat ruhuny özgert.


Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.


Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.


Mirasym Meniň üçin tokaýdaky arslan kimin boldy. Maňa tarap nagra çekdi, şonuň üçin Men ony ýigrenýärin.


„Özüme ýokarky gatda giň otaglary bolan ajaýyp köşk salnaryn“ diýýäniň halyna waý! Ol köşgüne beýik penjireler goýar, kedr agajy bilen örtüp, ony gyrmyzy reňke boýar.


Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“.


Ýöne, eý, Müsür ýurdunda ýaşaýan ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň: „Men Öz barlygymdan ant içdim, mundan beýläk tutuş Müsür ýurdunda ýahudalylar Meniň adymy agzamaz. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň hiç biri diri Hökmürowan Rebden ant içýärin diýmez.


Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb Özünden ant içdi: «Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn, olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler».


Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.


Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


«Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin duşman ýurduňyzy gabawa salar sizi güýç-kuwwatdan düşürip, galalaryňyzy talaňçylyga berer». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb Öz mukaddesliginden ant içdi: «Siziň çeňňekler bilen, iň soňkyňyzyň hem balyk garbaklary bilen tutuljak günüňiz hökman ýetip geler.


Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin, mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.


Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi: «Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn.


Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.


Muny gören Rebbiň olara gahary geldi, olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ