Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 6:6 - Mukaddes Kitap

6 şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 шакәседен шерап ичйәнлер, үстлерине иң оңат атыр сепйәнлер, Юсубың вейранчылыгына яс тутмаянлар, халыңыза вай!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 6:6
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup bir miweli agaçdyr, bulak başyndaky miweli daragtdyr, şahalary diwardan aşýar.


Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.


Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.


Meýlislerinde liradyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler.


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin».


Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.


Mundan beýläk diňe suw içmän, az-kem şerap hem iç. Bu aşgazanyňa we ýygy-ýygydan gaýtalanýan nähoşlugyňdan saplanmaga ýardam berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ