Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Özlerini Dawut ýaly saýyp, saz gurallaryny oýlap tapýanlar, arfanyň owazyna aýdym aýdýanlar,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Өзлерини Давут ялы сайып, саз гуралларыны ойлап тапянлар, арфаның овазына айдым айдянлар,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 6:5
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme sebäpden sen gaýtjakdygyňy menden ýaşyrdyň? Men seni şady-horramlyk hem aýdym bilen, deprek we lira bilen ugradardym.


Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.


dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi.


Lewiler Dawudyň saz gurallary, ruhanylar hem surnaýlary bilen durdular.


Özüm üçin altyn, kümüş we patyşalaryň, welaýatlaryň hazynalaryny topladym. Erkekdir aýal aýdymçylary hakyna tutdum. Islendik erkegiň göwnüne ýaramly gözel gyrnak aýallar edindim.


Meýlislerinde liradyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler.


Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, liralaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez.


Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň! Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin.


Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Arfaçylaryň we aýdymçylaryň, tüýdükçileriň we surnaýçylaryň owazy indi sende ýaňlanmaz. Indi senden senetçiler-de, senet-de tapylmaz. Indi senden degirmeniň sesi asla eşidilmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ