Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Eý, siz bela gününi uzak saýyp, zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эй, сиз бела гүнүни узак сайып, зорлук тагтыны якынлашдыранлар!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 6:3
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.


Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň».


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.


«Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“ diýýän bu nakylyňyz näme?


«Eý, ynsan ogly! Ine, ysraýyl halky: „Oňa gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär“ diýýär.


Aladasyz märekäniň şowhunly sesi ýaňlanýardy; köpçülik adamlar bilen birlikde çölden serhoşlar hem getirildi. Olar bu iki uýanyň bileklerine bilezikler dakdylar, başlaryna gözel täçleri geýdirdiler.


«Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samariýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň».


Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.


Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.


Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.


«Bela bize gelmez ýa-da duşmaz» diýýän, halkymyň ähli günälileri gylyçdan ölerler.


Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.


Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip,


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Olar: «Hany, Rebbiň geljekdigi barada beren wadasy? Ata-babalarymyz ölenden bäri hemme zat owal-başda nähili ýaradylan bolsa, şonuň ýaly hem dur» diýip ýaňsylarlar.


Şeýle ägirt uly baýlyk bir sagadyň içinde weýran boldy!“ Hemme gämiçiler, deňiz ýolagçylary we ähli deňizçiler – deňizden eklenýänleriň bary uzakda durup,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ