Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.
Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.
Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.
Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.
Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, çünki siz ýigrenjisiňiz».
Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.
Edomlylar: «Biz weýran edildik, ýöne weýrançylygy dikelderis» diýerler. Ýöne Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar gurarlar, emma Men ýykaryn. Ýurtlarynyň erbet ýurtdygyny, halkyna bolsa Rebbiň ömürlik gaharynyň gelendigini hemmeler bilerler.