Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Dat günüňize, eý, Sionda asuda ýaşaýanlar, Samariýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Дат гүнүңизе, эй, Сионда асуда яшаянлар, Самария дагында ховпсуз отуранлар, ысрайыл халкының йүз тутмага барян иң бейик миллетиң мешхур адамлары!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 6:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy.


siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy,


Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr.


Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady, ol hiç haçan sürgün edilmedi. Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý ol gapdan-gaba boşadylmady. Şeýdip, tagamy özünde galdy, özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi.


Turuň, asuda we howpsuz ýaşaýan halkyň üstüne hüjüm ediň. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň ne derwezeleri, ne-de kiltleri bar, olar ýeke ýaşaýarlar.


Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.


‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samariýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň».


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.


Samariýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.


«Bela bize gelmez ýa-da duşmaz» diýýän, halkymyň ähli günälileri gylyçdan ölerler.


Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.


Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz.


Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr.


Bu bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa geldi. Onuň ilatynyň sidonlylar ýaly parahat we asuda ýaşaýandygyny, olary sidonlaryň dolandyrýandygyny gördüler. Olaryň hemme zady bardy. Olar asuda we aladasyz ýaşaýardylar. Olar sidonlardan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ