Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.
Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.
Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.