Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ребби агтарың, шонда яшарсыңыз, ёгсам Ол Юсуп неслине гаршы от кимин ловлар, Бейтелде янгыны сөндүрмәге хич ким тапылмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 5:6
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sebäbi men guluňyz özümiň günäkärdigimi bilýärin. Şoňa görä-de, men şu gün Ýusubyň nesillerinden ilkinji bolup, siz şa hezretlerini garşylamaga geldim».


Ýarobgam başarjaň adamdy, bu ýaş ýigidiň iş başarjaňlygyny gören Süleýman ony manaşa we efraýym tirelerine degişli bolan mejbury işdäkileriň üstünden baştutan edip goýdy.


Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“.


Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.


Ýandaga düşen ot tutaşyp, desselenip goýlan ýa-da ösüp oturan bugdaý ýa-da ekin meýdany ýansa, onda ýangyny döreden adam ýetirilen zyýany doly tölemelidir.


Güýçlüler çöpe dönerler, işleri uçguna meňzär, işleri-de, özleri-de oda ýanarlar, ol ody söndüren bolmaz.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň.


Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň.


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.


oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men Efraýymyň elindäki taýagyny Ýusup bilen birleşen ysraýyl tireleriniň taýagyny alyp, Ýahudanyň taýagyna seplärin. Olary bir taýak ederin, Meniň elimde olar bir bolarlar.


«Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm, Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin. Gurbanlyk sypalaryň şahlary kesilip ýere gaçar.


Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň, şonda siz ýaşarsyňyz. Edil siziň öz aýdyşyňyz ýaly Reb Hökmürowan Hudaý siziň bilen bolar.


Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär: «Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz!


şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!


Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.


Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr.


Ýerleri mülk paýyny almadyk ýedi tiräniň arasynda bölsünler. Ýahudalar öz öňki ýerinde günortada galar, Ýusubyň nesilleri bolsa demirgazykdaky ýerinde galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ