Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 5:22 - Mukaddes Kitap

22 Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Хатда якма гурбанлыгыңыздыр галла садакаңызы хөдүр этсеңиз-де, Мен олары кабул этмерин. Семиз малларыңыздан саламатлык гурбанлыгыңызы берсеңиз-де, Мен олара бакмарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 5:22
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanlarym men barada erbet gürrüň edýärler. «Haçan ölüp, ady-sory ýiter?» diýýärler.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Bu halk hakda Reb şeýle diýýär: «Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar, aýaklaryna dynçlyk bermediler. Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin. Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn, günäleri üçin jezalandyraryn».


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýakma gurbanlygyňyzy beýleki sadakalaryňyza goşup, ikisiniň hem etini iýiberiň.


Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir:


Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň! Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin.


Indi bize merhemet eder ýaly, Hudaýa ýalbaryp bir görüň!? Şeýle gurbanlyklar hödürläniňizden soň, Ol siziň soraýan zadyňyzy edermikä? Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ