Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 5:18 - Mukaddes Kitap

18 Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Дат гүнүңизе, Реббиң гүнүни күйсейәнлер! Нәме үчин сиз Реббиң гүнүне зарсыңыз? Ол гүн айдыңлык дәл-де, гараңкылыкдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 5:18
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.


Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.


Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».


Şol gün olar awunyň üstünde deňiz güwwüldisi kimin arlarlar, kim ýurda nazar salsa, ine, garaňkylyk hem hasrat; nur gara bulutlar bilen örtüler.


Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Ine, olar maňa: «Rebbiň sözi nirede? Hany, ol amala aşsyn-da!» diýýärler.


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


«Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“ diýýän bu nakylyňyz näme?


«Eý, ynsan ogly! Ine, ysraýyl halky: „Oňa gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär“ diýýär.


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Çünki, Rebbiň ähli milletlere höküm etjek güni golaýlap gelýär. Eý, Edom, näme eden bolsaň, saňa-da şol bolar. Edeniň başyňa düşer.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Olar: «Hany, Rebbiň geljekdigi barada beren wadasy? Ata-babalarymyz ölenden bäri hemme zat owal-başda nähili ýaradylan bolsa, şonuň ýaly hem dur» diýip ýaňsylarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ