Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 5:17 - Mukaddes Kitap

17 Tutuş üzüm baglaryňyzda perýat ederler, çünki siziň araňyzdan Men geçerin». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Тутуш үзүм багларыңызда перят эдерлер, чүнки сизиң араңыздан Мен гечерин». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 5:17
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa faraona şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn.


Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.


Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez.


Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.


Mowabyň bol miweli baglaryndan, ekin meýdanlaryndan şatlyk we begenç zym-zyýat boldy. Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim. Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez; şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl.


«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Sionda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.


Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, mundan artyk ejir çekdirmerin.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin, ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez. Sütemkär aman galanlara aralaşmaz, çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ