Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 5:16 - Mukaddes Kitap

16 Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler, köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler. Çagyrarlar daýhany matam tutmaga, ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Хөкмүрован Худай – Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Бүтин мейданчаларда дады-перят эдерлер, көчелерде „Вай, вай гүнүмизе!“ дийшерлер. Чагырарлар дайханы матам тутмага, ясчылары – яс айдымыны айтмага.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 5:16
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.


Agy bilen doldy tutuş Mowap ýurdy; olaryň perýady Eglaýyma, nalyşy Beýerelime ýetýär.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Reb şeýle diýýär: «Siz: „Biz sag-salamatlyk däl-de, howp hem howsala sesini eşitdik“ diýýäňiz.


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».


Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.


Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň, üzüm bagbanlary, ses edip aglaň, çünki weýran boldy meýdan gallasy,


Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Söýgüli adaglysyny ýitirip, jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!


Eşidiň we Ýakup nesillerine güwälik ediň, Gudratygüýçli Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär:


Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.


Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».


Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.


Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ