Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 5:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň, şonda siz ýaşarsyňyz. Edil siziň öz aýdyşyňyz ýaly Reb Hökmürowan Hudaý siziň bilen bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Яманлыгы дәл-де, ягшылыгы агтарың, шонда сиз яшарсыңыз. Эдил сизиң өз айдышыңыз ялы Реб Хөкмүрован Худай сизиң билен болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 5:14
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar, ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Heý, belleşmezden iki adam bile ýola düşermi?


Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ