Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.
Soňra olar sen hakda agy aýdarlar: „Eý, deňizçileriň ýaşaýan şäheri, deňizde iň güýçli meşhur şäher! Wah, sen we sende ýaşaýanlaryň barysy nähili heläk boldy! Sen deňziň ýakasynda ýaşaýanlara howp saldyň!“
«Eý, ynsan ogly! Müsür patyşasy faraon üçin agy aýt we oňa şeýle diý: „Özüňi milletleriň ýaş arslanyna meňzetdiň, ýöne sen deňizlerdäki aždarha kiminsiň. Derýalaryňda eýläk-beýläk okduryldyň; aýaklaryň bilen suwlary çaýkadyň, derýalary bulandyrdyň“».
Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.
Samariýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.
Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».