Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Hasyl ýygnamaga üç aý galanda, sizden ýagmyry gysgandym, Men bir şähere ýagyş ýagdyryp, başga birine ýagdyrmadym. Bir ekin meýdany ygaldan gandyrdym, beýleki birini bolsa ygalsyz guratdym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Хасыл йыгнамага үч ай галанда, сизден ягмыры гысгандым, Мен бир шәхере ягыш ягдырып, башга бирине ягдырмадым. Бир экин мейданы ыгалдан гандырдым, бейлеки бирини болса ыгалсыз гуратдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 4:7
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsür ýurdy üç günläp garaňka gaplandy.


Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.


Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň.


Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.


Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi.


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.


Ýurtda ýagyş ýagmansoň, toprak çat açdy. Muňa daýhanlar utanyp, başlaryny büreýärler.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.


Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek üçin ýer ýüzündäki halklardan Iýerusalime gitmedikler ýagyş garasyny görmez.


Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar.


Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!


Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz.


Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady.


Pygamberlik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň gögi baglamaga ygtyýary bardyr. Olaryň suwy gana öwürmäge, ýer ýüzüni islän wagtlary dürli bela-külpetlere ýolukdyrmaga ygtyýarlary bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ