Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Әхли шәхерлериңизде ачлыкдан дишиңизиң кирини сордурдым, тутуш юрдуңызы нана зар этдим, эмма шонда-да сиз Маңа тарап доланмадыңыз. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 4:6
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy.


Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.


Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».


Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim.


Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz, Hudaýymyzyň öýünden-de şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?


Şu jezalardan soňam Maňa tarap öwrülmän, garşyma gitmegiňizi dowam etseňiz, onda Men hem siziň garşyňyza gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin.


Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz.


Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.


Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder.


Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol azgynlygyndan ýüz öwresi gelenok.


Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ