Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 4:5 - Mukaddes Kitap

5 Hamyrmaýaly çörekden şükür sadakasyny hödürläň, meýletin sadakalaryňyzy jar edip mälim ediň, şeýle etmekden sen lezzet alýaň-a, eý, ysraýyl halky! Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Хамырмаялы чөрекден шүкүр садакасыны хөдүрләң, мейлетин садакаларыңызы җар эдип мәлим эдиң, шейле этмекден сен леззет аляң-а, эй, ысрайыл халкы! Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 4:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn.


Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi?


Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz.


«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun.


Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin, mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ