Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мүсүрдәки ялы араңыза мерги ибердим, яш йигитлериңизи гылычдан гечирдим, атларыңызы душманларыңыза бердим. Бурнуңызы дүшелгәңизиң порсы ысындан долдурдым, эмма шонда-да сиз Маңа тарап доланмадыңыз. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 4:10
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürde Reb Ysraýylyň çäklerini kiçeltmäge başlady. Siriýa patyşasy Hazaýyl Iordan derýasynyň gündogaryndan gatlylara, rubenlilere we manaşalylara çenli bolan bütin Gilgat topragyny, Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden Gilgada we Başana çenli bolan tutuş ýurdy basyp aldy.


Reb Ysraýyla garşy gahary geldi. Ol ysraýyllary gaýta-gaýta Siriýa patyşasy Hazaýylyň we Hazaýylyň ogly Benhadadyň eline berdi.


Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi.


Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».


Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.


Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar.


Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary jezalandyraryn. Olaryň ýaş ýigitleri gylyçdan geçiriler, oguldyr-gyzlary açlykdan ölerler.


«Olaryň başyndan dört hili betbagtlyk indererin: öldürmek üçin – gylyjy, düýt-müýt etmek üçin – itleri, iýip ýok etmek üçin – wagşy guşlar bilen ýyrtyjy haýwanlary ibererin. Muny Reb aýdýandyr.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Munuň üçin ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, onuň ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.


Reb şeýle aýdýar diý: «Ynsan jesetleri ekin meýdanyna sepilen ders deý, orakçynyň yzyndaky desseler deý topraga serler. Olary hiç kim ýygnamaz».


Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.


Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.


Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer.


Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.


Ol siziň Müsürde wagtyňyz sizi gorkuzan ähli keselleriňizi siziň başyňyzdan inderer. Ol keseller size ornaşyp galar.


Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ