Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Sion dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.
Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.
Şonda Ýermeýa ähli ýolbaşçylara we tutuş halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu öý bilen şäher hakda ýaňky eşiden sözleriňizi pygamberlik etmegim üçin meni Reb ýollady.
Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».