Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 3:12 - Mukaddes Kitap

12 Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реб шейле диййәр: «Бир чопаның арсланың агзындакы гойнуң диңе тойнакларыны я-да гулагының бир бөлегини халас эдип билши ялы, Самарияда яшаян ысрайыл халкы-да шейле халас эдилер. Онда диңе дөвүк-енҗик өй гошларындан башга хич зат галмаз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 3:12
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýalylaryň aman galanlary Apek galasyna gaçyp girdiler. Gala gaçyp giren ýigrimi ýedi müň adamyň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat hem gala gaçyp, ol şol ýerdäki bir içki otagda gizlendi.


Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.


Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.


Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi.


Howly ak we mawy reňkli perdeler bilen bezelendi, olar al gyrmyzy we nepis zygyr ýüplük bilen mermer sütünlerdäki kümüş halkajyklara berkidilendi. Altyn-kümüşden ýasalan kürsüler sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýanýodada goýlandy.


Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.


Ol Sion daglaryna düşýän Hermonyň boldan-bol çygy kimindir. Çünki Reb ol ýerde ýalkanyş, baky ýaşaýyş bolsun diýip, tabşyryk berdi.


Şol gün halk nazaryny Ýaradana diker, gözleri Ysraýylyň Mukaddesini görer.


Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Sion dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.


Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samariýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.


Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ